Prezidentiň Medeniýet we sungat sylaglary eýelerine gowşuryldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, medeniýet we sungatyň monotipi we mejburlygy kabul etmejekdigini nygtady

1110090
Prezidentiň Medeniýet we sungat sylaglary eýelerine gowşuryldy

Prezident Erdogan, Prezidentiň Kompleksinde Prezidentiň Medeniýet we sungat sylaglarynyň gowşurylyş dabarasynda eden çykyşynda: "Jemgyýetleriň mukaddesliklerini äsgermeýän, tabşyryk bilen ýok etmäge synanyşýan adamyň edýän işi medeniýet we sungat däldir" diýip belledi. 

"Mehmet Akif Ersoýyň durmuşy we eserleri milletimize berilen bir sylagdyr" diýen Erdogan, Mehmet Akif Ersoýyň Müsürden gaýdyp gelen mahaly ýaşan Stambul şäheriniň Beýogly etrabyndaky öýüniň hem muzeýe öwrüljekdigini habar berdi. 

Medeniýet we sungat sylaglary, taryh we sosial ylymlar ugrunda Mehmet Ipşirlä, kinemotografiýa ugrunda Türker Inanoglyna, aýdym-saz ugrunda Erol Saýana, sungat/surat ugrunda bolsa Izzet Keribara berildi. 



Degişli Habarlar