" Türkiýäniň günorta serhetlerinde terror koridorynyň açylmagyna asla rugsat bermeris"

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar Türkiýäniň günorta serhetlerinde terror koridorynyň açylmagyna asla rugsat bermejekdiklerini aýtdy

1105809
" Türkiýäniň günorta serhetlerinde terror koridorynyň açylmagyna asla rugsat bermeris"

Bosniýa-Gersogowinanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bakir Sadowiçiň ýolbaşçylyk etmeginde paýtagt Ankarada Bosniýa-Gersogowinanyň Ýaragly güýçleriniň döredilen gününe bagyşlanyp berlen bankede gatnaşan Milli Goranmak ministri Hulusi Akar möhüm ýüzlenmeler berdi.

Hulusi Akar ABŞ-nyň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a agza terrorçylara talim bermeginiň kabul edilip bilinmejekdigini aýtdy.

Türkiýäniň günorta serhetlerinde terror koridorynyň açylmagyna asla rugsat bermejekdiklerini aýdan Akar “Ýefrat derýasynyň gündogary bilen birlikde Türkiýäniň günortasynda haýsydyr bir terror koridorynyň açylmagyna rugsat bermeris, bu meselede egilşik etmeris” diýdi.



Degişli Habarlar