Soňky bir hepde-de 32 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

39 gaçybatalga bilen ýarag ammary hatardan çykaryldy

1103015
Soňky bir hepde-de 32 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Terrora garşy geçirlen operasiýalarda soňky bir hepde-de 32 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrligi bir hepde-de terrora garşy geçirlen operasiýalar barada maglumat berdi.

Terror guramalary PKK/KJK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e garşy noýabr aýynyň 30-y bilen dekabr aýynyň 6-sy aralygynda Diýarbakyr, Tunjeli, Şanlyurfa we Şyrnak welaýatlarynda we serhetaşa operasiýalaryň dowam edendigi nygtaldy.

Operasiýalarda 32 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi, terrorçylar tarapyndan ulanylan 39 gaçybatalga bilen ýarag ammarynyň hatardan çykarlandygy bellenildi.

Beýleki tarapdan Ýefrat galkany operasiýasynda Türk ýaragly güýçleri tarapyndan goldanýan Azat Siriýa goşuny tarapyndan Azez bilen Jarablusyň aralygynda jemi 2015 kilomtetrlik meýdan gözegçilik astyna alyndy.

Zeýtun şahajy operasiýasynyň başlan gününden bäri täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçlaryň sany bolsa 4586-a ýetdi.

Türk ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşuny tarapyndan 18-nji martda bäri gözegçilik astyna alynan Afrinde 294 mina bilen 1647 partlaýjy maddasy hatardan çykaryldy.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar