Ibrahim Kalyn ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Jeffrini kabul etdi

Siriýada syýasy etabyň depgininiň güýçlendirilmegi we yzygiderli çözgüt üçin amatly şertiň döredilmegi meselesi seljerildi

1102818
Ibrahim Kalyn ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Jeffrini kabul etdi

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Jeýms Jeffrini kabul etdi.

Kabul edilşikde Manbij iş meýilnamasynyň dowam etdirilmegi meselesinde ylalaşyk gazanyldy we üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli anyk netije alynmagynyň ähmiýeti ýatladyldy.

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Jeýms Jeffri bilen bolan duşuşygynda Manbij iş meýilnamasynyň çäginde edilýän hyzmatdaşlygyň Ýefrat derýasynyň gündogaryndaky beýleki etrapçalarda hem dowam etdirilmegi meselesiniň gün tertibine getirlendigi bellenildi

Duşuşykda şeýle hem Stambulda geçen aý geçirlen Siriýa temaly dörttaraplaýyn maslahatyň netijesine üns çekidi we Siriýa temaly şuňa meňzeş maslahatlaryň ýygy-ýygydan geçirilmeginiň ähmiýetli nygtaldy

Siriýada syýasy etabyň depgininiň güýçlendirilmegi we yzygiderli çözgüt üçin amatly şertiň döredilmegi meselesi seljerildi.

Duşuşykda Türkiýäniň terror guramasy PÝD/ÝPG garşy alyp barýan tutanýerli tutumyna üns çekildi we Türkiýäniň serhetlerinde terror guramalaryna rugsat bermejekdigi ýatladyldy.

 

 



Degişli Habarlar