Türkiýe we ABŞ Manbij meselesinde ylalaşdylar

Türkiýe we ABŞ Siriýanyň Manbij sebiti babatynda şu ýylyň ahyryna çenli çaltlandyrylan we anyk ädimler edilmegi babatynda ylalaşyk gazandylar

1102734
Türkiýe we ABŞ Manbij meselesinde ylalaşdylar

 

Türkiýe-ABŞ Siriýa iş toparynyň 3-nji maslahaty paýtagt Ankarada Daşary işler ministrliginde geçirildi. 

Maslahata ABŞ-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Jeýms Jeffreý we ýanyndaky wekiliýet gatnaşdy. 

Türk we Amerikan wekiliýetleriniň arasynda geçen duşuşykdan soň berilen beýanatda: "Taraplar, Manbij meýilnamasynda şu ýylyň ahyryna çenli çaltlandyrylan we anyk ädimler edilmegi babatynda ylalaşyk gazandylar" diýip bellendi. 

Manbiç ABŞ-niň goldawy bilen ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan DAIŞ-e göreş bahanasy bilen basylyp alyndy. 

 


Etiketkalar: #ABŞ , #Manbij , #Türkiýe

Degişli Habarlar