Terrora garşy göreş arakesmesiz dowam edýär

Soňky 1 hepdede geçirilen içerki howpsyzlyk operasiýalarynda 2-si ýokary derejeli ýolbaşçy bolmak bilen jemi 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1099439
Terrora garşy göreş arakesmesiz dowam edýär

Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda, 26-njy noýabr -3-nji dekabr aralygynda 2 müň 836 operasiýa geçirildi.

Operasiýalaryň çäginde ekstremist terror guramasy PKK bilen arabaglanşykda bolan 598 adam, Fetullahçy terror guramasy bilen arabaglanşykda bolan 538 adam, terror guramasy DAIŞ bilen arabaglanşykda bolan 17 adam we çepçi terror guramalary bilen arabaglanşykda bolan 10 adam göz tussaglygyna alyndy.

Terror guramasyny propogandirleýän we ýigrenç diskurslaryny ýaýradýan 305 sosial media hasaby bilen baglanşykly geçirilen derňew işiniň netijesinde kesgitlenen 201 adama garşy kazyýet işi gozgaldy.

Operasiýalaryň dowamynda 256 sanysy denizlerde bolmak bilen jemi 6866 bikanun migrantyň ele salynandygy habar berildi.


Etiketkalar: #operasiýa , #PKK , #DAIŞ

Degişli Habarlar