Prezident Erdogan Argentinada metbugat ýygnagyny geçirdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Ýewfrat derýasynyň gündogaryna garşy operasiýanyň guralyp bilinjekdigini mälim etdi

1098776
Prezident Erdogan Argentinada metbugat ýygnagyny geçirdi
erdogan g-20 basin1.jpg

Argentinada geçirilen G20 Liderler maslahatyna gatnaşan Erdogan ol ýerde geçiren metbugat ýygnagynda: “Ýewfrat derýasynyň günbataryny edişimiz ýaly, gündogaryny hem ekstremist terror guramasynyň zulmyndan we basyp alyjylygyndan iň gysga wagtda halas ederis. Biz bu babatda hyzmatdaşlarymyzdan iki standartlylyk däl, eýsem akýüreklilige garaşýarys” diýip belledi.

Terrora howpyna garşy sessiz galmajakdyklaryny aýdan Erdogan, Siriýanyň demirgazygynda Türkiýäniň we sebitiň howpsyzlygyna howp emele getirjek islendik gurluşa garşy rugsat bermejekdiklerini nygtady.

Maslahatyň çäginde ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp bilen geçiren duşuşygynyň üstünde durup geçen Erdogan, Manbij we FETÖ-niň ýolbaşçysynyň yzyna gaýtarylyp berilmegi ýaly meseleleri maslahatlaşandyklaryny habar berdi.

Erdogan: “Esasan hem PÝD/ÝPG terror guramalaryna garşy pozisiýamyzy özleri bilen paýlaşyp, Manbiji bu terror guramalaryndan saplamakda bilelikde nähili hereket edip biljekdigimizi maslahatlaşdyk” diýdi.

Erdoganyň FETÖ-niň ýolbaşçysy Güleniň yzyna gaýtarylyp berilmegi babatynda bolsa “Men umytly” sözüni ulandy.

Erdogan Idlibiň terror guramalaryndan saplanmagynda bolsa Russiýa bilen hyzmatdaşlyklaryny tutanýerli bir ýagdaýda dowam etdirmekde niýetlidiklerini belledi.  

Prezident Erdogan maslahatda ikiçäk duşuşyklaryň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň hem Jemal Kaşykçy jenaýaty bolandygyny habar berdi.

Kaşykçynyň 7,5 minudyň içinde bogulyp öldürilendigi bilen bagly resminamalary we jenaýat bilen bagly beýleki subutnamalary we delilleri daşary ýurtlar bilen paýlaşylandygyny aýdan Erdogan: “Kaşykçy jenaýaty açyk bir jenaýatdyr. Bu mesele bütin dünýäniň meselesidir” diýip nygtady.  

Erdogan Gündogar Ortaýer deňizindäki wakalar bilen baglanşykly bolsa, Grek böleginiň öjükdiriji hereketleri dowam eden halatynda gerek bolan çäreleri görmäge dowam etdirjekdiklerini mälim etdi.

Prezident Erdogan: “Gündogar Ortaýer deňizindäki uglewodorod çeşmeleriniň esasy eýelerinden DKTR-niň hukuklarynyň ellerinden alynmagyna asla rugsat bermeris: diýdi.



Degişli Habarlar