Türkiýe-Katar maslahaty geçirildi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň we Kataryň kyn gün dostudygyny eýýäm ençeme gezek subut edendigini habar berdi.

1095828
Türkiýe-Katar maslahaty geçirildi
al sani-erdogan1.jpg

Türkiýe-Katar Ýokary derejeli strategik komitediň 4-nji maslahaty Prezident Erdogan we Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamed Al Saniniň gatnaşmagynda Stambulda Wahdettin köşgünde geçirildi.

Maslahatda söz sözlän Prezident Erdogan: “Katarly doganlarym ilki bilen ikinji öýüňize hoş geldiňiz diýýärin. Diplomatik gatnaşyklarymyzyň 45-nji ýyllygyny belläp geçýän bu döwrümizde hyzmatdaşlygymyzyň ýeten derejesine buýsanýarys” diýdi.

“Hakyky dostlar kyn günde belli bolar” diýen bir atalar sözüniň bardygyny aýdan Erdogan, iki ýurdyň kyn günlerde biri-biri bilen jebislik we hyzmatdaşlyk içinde şu günki güne çenli hereket edendiklerini beýan etdi.

Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamed Al Sani bilen geçiren duşuşygynyň hem üstünde durup geçen Erdogan, duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşygyň ýeten derejesine hoşaldyklaryny belläp geçendiklerini, hyzmatdaşlyklaryny ähli ugurlar boýunça giňeltmekde isleglidiklerini belländiklerini mälim etdi.

Maslahatdan soň iki ýurdyň arasynda transport, medeniýet, söwda we ykdysadyýet ýaly ençeme ugurda strategik hyzmatdaşlyk protokoly Kataryň we Türkiýäniň degişli ministrleri tarapyndan gol çekildi.


Etiketkalar: #Katar , #maslahat

Degişli Habarlar