"Maýa goýmak üçin Türkiýä gelenlere ähli taraplaýyn goldaw berýäris"

Erdogan MÜSIAD EXPO-nyň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy.

1094180
"Maýa goýmak üçin Türkiýä gelenlere ähli taraplaýyn goldaw berýäris"

Prezident R. T. Erdogan maýa goýmak üçin Türkiýä gelenlere ähli taraplaýyn goldaw berýändiklerini aýtdy.

Erdogan Stambul CNR Expo sergi merkezinde geçirlen MÜSIAD EXPO-nyň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy.

Prezident Erdogan dabarada sözlän sözünde “Söwda gatnaşyklarymyzyň özara bähbide esaslanýandygy üçin her ýerde kabul edilýäris” diýen Erdogan “Bu döwürde ýurdumyz halkara ykdysady çökgünlige we 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygyna garamazdan ýylda ortaça  5,8 göterim ösüş etdi” diýdi.

Prezident Erdogan “Syýahatçylyk pudagynda taryhy rekord goýup 40 million syýahatçy maksadyna ýeteris” diýdi.

Erdogan “Türkiýäniň 2023-nji ýylda dünýäniň ykdysady taýdan güýçli 10 ýurdundan biri bolmagyny maksat edinýäris. Maýa goýmak üçin ýurdumyza gelenlere ähli taraplaýyn goldaw berýäris. Soňky 5 ýylda yzyna yzyna sezewar bolunan hüjümler sebäpli wagtal-wagtal depginimiz biraz gowşan bolsada maksadymyza ýetmekde tutanýerlidiris” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar