Türkiýe-ABŞ gatnaşyklary Amerikada ara alynyp maslahatlaşylar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň ABŞ bilen bolan gatnaşyklaryny 20-nji noýabrda paýtagt Waşingtonda ABŞ-niň Döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny mälim etdi

1090017
Türkiýe-ABŞ gatnaşyklary Amerikada ara alynyp maslahatlaşylar

Mewlüt Çawuşogly, Nýu-Ýorkdaky BMG Medeniýetler alýansynyğ 8-nji Global forumyna gatnaşmak üçin ABŞ-e gitdi.

Çawuşogly Nýu-Ýorka guran saparynyň çäginde, Türkiýäniň Nýu-Ýorkadaky Başkonsullugynda türk jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.

Ol ýerde ABŞ bilen edilýän gatnaşyklaryň üstünde durup geçen Çawuşogly: “Biziň aramyzdaky gatnaşyklary dartgynlaşdyrýan 2 mesele bar. Olaryň biri ABŞ-niň Siriýada terror guramasy ÝPG/PKK-a goldaw bermegi. Şol bir guramadygyny bilmegine we kabul etmegine garamazdan, olar bilen hyzmatdaşlyk etmegi hakykatdan hem uly bir ýalňyşlykdyr” diýip belledi.

Manbij babatynda gazanylan ylalaşygyň düzgünlerini berjaý etmäge synanyşýandyklaryny, umumy gözegçilikleriň başlandygyny, emma meýilnamanyň diňe Manbij bilen çäkli däldigini aýdan Çawuşogly, Ýewfrat derýasynyň gündogarynda ÝPG/PKK tarapyndan basylyp alynan ýerleriň hem asudalyga gowuşdyrylmagynyň şol meýilnamanyň bir bölegidigini nygtady.

Mewlüt Çawuşogly: “Ikinji mesele bolsa, 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda harby agdarlyşyk synanyşygyny guran Fetullahçy terror guramasy FETÖ garşy we bu guramanyň lideri Fetullah Gülene garşy biziň iberen delolarymyzyň we yzyna gaýtarylyp berilmek baradaky talabyň ýerine ýetirilmezligidir. Bu örän uly dartgynlyga sebäp boldy. Her iki mesele boýunça hem biziňki Türkiýe hökmünde 100 göterim däl, eýsem 1000 göterim dogrydyr” diýip belledi.

Medeniýetler alýansynyň 8-nji global forumy 19-20-nji noýabr aralygynda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň ýolbaşçylygynda geçiriler.  Mewlüt Çawuşogly ol ýerde çykyş eder we Guterreş bilen duşuşyk geçirer.



Degişli Habarlar