Prezidentiň orunbasary Oktaý İtaliýanyň Premýer ministri Konte bilen duşuşdy

Liwiýa meselesine bagyşlanan maslata gatnaşmak üçin Polermoda saparda bolýan Fuat Oktaý bilen İtaliýanyň Premýer ministri Žozeppe Konte özara gatnaşyklar barada pikir alyşdylar

1086569
Prezidentiň orunbasary Oktaý İtaliýanyň Premýer ministri Konte bilen duşuşdy

Liwiýa meselesine düýpli çözgüt tapmak boýunça iki ýurduň birmeňzeş garaýyşlara eýedigine üns çekilen duşuşykda, Liwiýanyň territorial bitewiliginiň, özygtyýarlygynyň we syýasy jebisliginiň möhümdigi nygtaldy.

Strategik hyzmatdaş hökmünde İtaliýa bilen iňňän giň ugurlardaky bilelikdäki taslamalaryň tamamlanmagy, täze taslamalaryň iş ýüzüne geçirilmegi barada pikir alyşylan duşuşyk, iki ýurduň arasyndaky hökümetara maslahat mehanizminiň herekete geçirilmegi barada ylalaşyldy.

Prezidentiň orunbasary Oktaý İtaliýanyň Premýer ministri Konte tarapyndan maslahata gatnaşan wekiliýetleriň başlyklaryna berilen agşam naharyna gatnaşdy.

Oktaý ol ýerde Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Sipras, Çehiýanyň Premýer ministri Andreý Babis we Maltanyň Premýer ministri Žosef Muskat bilen söhbetdeş boldy.



Degişli Habarlar