Prezident Erdogan Kaşykçy jenaýaty bilen bagly beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Jemal Kaşykçy jenaýaty bilen bagly ses ýazgylary barada “Hakykatdanam bir betbagtlyk” diýdi

1086814
Prezident Erdogan Kaşykçy jenaýaty bilen bagly beýanat berdi

Erdogan 10-11-nji noýabr aralygynda I Jahan urşuny resmi ýagdaýda bitiren Parahatçylyk ylalaşygynyň 100 ýyllygy mynasybetli geçirilen çärä gatnaşanyndan soň, gaýdyşyn uçarda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Erdogan Jemal Kaşykçy jenaýaty bilen bagly ses ýazgylarynyň üstünde durup geçdi.

“Ses ýazgy hakykatdanam bir betbagtlyk” diýen Erdogan: “Saud Arabystanynyň razwedka gullugynyň işgäri ses ýazgyny diňlän mahaly: bu geroin ulananypdyr, muny diňe geroin ulanan biri edip biler diýip haýran galdy. Ortada şular ýaly bir hakykat bar. Emma şoňa garamazdan wakany başga tarapa sowjak bolýanlar bar” diýip nygtady.

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp başda bolmak bilen ses ýazgylaryny diňleýän dünýä liderleriniň bildiren reaksiýalary bilen bagly soraga Erdogan: “Reflekslerine üns berilende bu jenaýatdan örän biynjalyk bolandyklaryny duýdym. Bilişiňiz ýaly ABŞ-de Kongres, bu babatda Merkezi Razwedka gullugyndan maglumat berilmegini isledi. Bu maglumat doly berileninden soň garaýyşlarynyň üýtgejekdigini pikir edýärin” diýip habar berdi.

Jemal Kaşykçy 2-nji oktýabrda resmi nika işleri üçin giren Saud Arabystanynyň Stambuldaky Baş konsullygynda wagşylyk bilen öldürilipdi.



Degişli Habarlar