Fuat Oktaý, Federika Mogerini bilen duşuşyk geçirdi

Wise-prezident Fuat Oktaý, ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we howpsyzlyk syýasatynyň Ýokary wekili Federika Mogerini bilen duşuşyk geçirdi

1087048
Fuat Oktaý, Federika Mogerini bilen duşuşyk geçirdi

Liwiýa konferensiýasynyň çäginde Italiýanyň Palermo şäherine baran Fuat Oktaýyň, Mogerini bilen metbugata ýapyk geçen duşuşygynda Türkiýe-ÝB gatnaşyklaryny ele alandygy habar berildi.

ÝB bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin tagalla etmek barada ylalaşyk gazanylan duşuşykda, 26-njy martda Warnada geçirilen maslahatdan soň orta çykan oňyn kararlaryň, konkret ädimler bilen goldanmagy babatynda ylalaşandyklary beýan edildi.

Wise-prezident Fuat Oktaýyň, Türkiýäniň ÝB-den garaşýanlaryny hemme taraplaýyn düşündiren duşuşykda, Mogerini, Ýewropanyň başyndan geçirýän biri-birinden tapawutly synaglar barada Oktaýa maglumat berendigi mälim edildi.


Etiketkalar: #Liwiýa , #konferensiýa

Degişli Habarlar