"PÝD-ä goldaw bermek, ekstremist terror guramasy PKK-a goldaw bermek diýmekdir”

Türkiýe üçin terror guramalarynyň arasynda hiç hili tapawut ýok

1083613
"PÝD-ä goldaw bermek, ekstremist terror guramasy PKK-a goldaw bermek diýmekdir”

 Prezidentiň metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn PÝD-ä  goldaw bermek, ekstremist terror guramasy PKK-a  goldaw bermek diýmekdir” diýdi.

Ibrahim Kalyn Türkiýe üçin terror guramalarynyň arasynda hiç hili tapawudyň ýokdygyny belledi.

Kalyn Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýanat berdi.

“PÝD-ÝPG-ä berilýän her bir goldaw göniden ýada aýlawy ýollardan ekstremist terror guramasy PKK-a berlen goldaw diýmekdir” diýen Kalyn “Biziň üçin terror guramalarynyň arasynda “gowy ýada erbet terror guramasy diýilýän tapawut ýok” diýip belledi.

Prezidentiň metbugat geňeşçisi Türkiýe Respublikasy döwletiniň terror howpuna garşy ähli guramalary bilen birlikde alyp barýan tutanýerli göreşini dowam etdirjekdigine ünsi çekip “ABŞ-dan PÝD-ÝPG bilen edýän gatnaşyklaryny bes etmegine garaşýarys” diýip duýduryş berdi.

ABŞ-nyň Siriýa boýunja ýörite wekili Jeýmes Jeffrey ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi PÝD-ÝPG-ni terror guramasy hökmünde görmeýändiklerini aýdypdy.

Jeffrey “Türkiýäniň PKK bilen PÝD-ÝPG-niň arasyndaki aragatnaşyk baradaky aladasyna dşünýändiklerini hem öňe sürüpdi.



Degişli Habarlar