"ABŞ-niň Siriýada ÝPG/PKK bilen bilelikdäki patrullygy kabul edilmez"

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, ABŞ-niň Siriýanyň demirgazygynda ektrsmist terror guramasy ÝPG/PKK bilen bilelikdäki patrullygyny kabul etmejekdiklerini mälim etdi

1082545
"ABŞ-niň Siriýada ÝPG/PKK bilen bilelikdäki patrullygy kabul edilmez"

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Erdogan, partiýasynyň TBMM-däki maslahatynda çykyş edeninden soň, žurnalistlere beýanat berdi.

Erdogan beýanatynda, Türkiýäniň Ýaragly güýçleri bilen bilelikde umumy patrullyga başlan ABŞ-niň, ÝPG/PKK-a agza terrorçylar bilen hem käbir ýerlerde patrullyk etmegi bilen bagly öňe sürmeleriň üstünde durup geçdi.

Erdogan: “Kabul ediljek bir hereket däl. Bular ýaly ýagdaý serhetde örän uly dartgynlyga sebäp döreder. ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň munyň bilen baglanşykly etaby duruzjakdygyna ynanýaryn” diýip belledi.

ABŞ-niň Eýrana garşy embargosy bilen bagly soraga hem jogap beren Erdogan: “Eýrana garşy girizilen embargolary ýalňyş hasaplaýaryn. Dünýäniň deňagramlylygyny bozmaga garşy edilen bir hereket. Halkara hukugada, diplomatiýada ters. Imperialist bir dünýäde ýaşamak islemeýäris. Biz Eýrandan 10 milliard kub metr  tebigy gaz alýarys. Bular ýaly bir embargo boýun bolmarys” diýip beýan etdi.


Etiketkalar: #Erdogan , #ABŞ , #ÝPG , #PKK

Degişli Habarlar