"Türkiýe bilen Kataryň arasyndaky gatnaşyklar gün saýyn ösýär"

Çawuşogly Kataryň Premýer ministri we Daşary işler ministri Muhammed Bin Abdurrahman Al bilen duşuşdy

1080198
"Türkiýe bilen Kataryň arasyndaky gatnaşyklar gün saýyn ösýär"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýe bilen Kataryň arasyndaky gatnaşyklaryň gün saýyn ösýändigini aýtdy.

Mewlüt Çawuşogly Kataryň paýtagty Dohadaky iş saparynyň çäginde Kataryň Premýer ministri we Daşary işler ministri Muhammed Bin Abdurrahman Al bilen duşuşdy.

Mewlüt Çawuşogly duşuşykda Ýokary strategik komitetiniň 4-nji maslahaty üçin görülýän taýarlyklary ara alyp maslahatlaşmak üçin Katara gelendiklerini we iş saparyndan hoşaldygyny belledi.

Ýokary strategik komitetiniň 3-nji maslahatyna iki ýurduň arasynda 40 şertnama baglaşylandygyny ýatladan Çawuşogly, duşuşykda şol şertnamalaryň ýerine ýetirliş etabyny hem seljerjekdiklerini nygtady

Çawuşgoly Katar bilen täze şertnamalaryň baglaşylmagy baradaky gepleşikleri hem tamamlajakdyklaryny ýatlatdy.

Iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösýändigini nygtan Çawuşogly “Sebitara meseleleriň çözülmeginde hem Katar bilen birlikde işleşdik. Garaýyşlarymyz biri-birine bap gelýär, sebäbi biz sebitde durnuklylygyň we asudalygyň üpjün edilmegini maksat edinýäris” diýdi.

Kataryň Daşary işler ministri Al Sani bolsa iki dost ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak isleýändiklerine, Türkiýe bilen Kataryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ösmeginde iki ýurduň liderleriniň esasy rol oýnaýandygyna ünsi çekdi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar