Prezident Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

"Liderler esasanda Siriýadaky utgaşyklyk boýunça bilelikde işleşmek islegini selžerdiler”

1080036
Prezident Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezidentiň Metbugat merkezinden berilen beýannama görä telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar we Siriýadaky wakalar selžerildi, Manbiž hem-de İdlib bilen baglylykda alynyp barylýan işler barada pikir alyşyldy

Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky özara gatnaşyklary has-da ösdürmek ugrunda möhüm başlangyçlaryň edilmegi baradaky ygtyýarlaryny beýan eden liderler, hem özara hem-de sebitleýin meselelerde gelžekde ýakyn gatnaşyk etmek warada ylalaşdylar.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginiň dowamynda hepdäniň başoynda Pittsburg şäherindäki sinagoga guralan hüžümi ýazgaryp, wakada pida bolanlaryň hossarlaryna we Amerikan halkyna duýgudaşlyk bildirdi.

Prezident Erdogan bilen Amerikanyň Prezidenti Donald Trampyň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşligi barada Ak Tamdan berilen beýannamada: “Liderler esasanda Siriýadaky utgaşyklyk boýunça bilelikde işleşmek islegini selžerdiler” diýilýär.

Ak Tamyň Metbugat sekretary Sarah Sanders beren ýazmaça beýannamasynda; “Preident Tramp Türkiýäniň döwlet Ýolbaşçysy Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Liderler esasanda Siriýadaky utgaşyklyk boýunça bilelikde işleşmek islegini selderdiler. Prezident Erdogan Pittsburgdaky sinagogda çekilen pažygaly adam pidalaryna duýgudaşlyk bildirdi” diýilýär.



Degişli Habarlar