Prezident Erdoganyň uçary täze howa menziline gondy

Stambuldaky täze howa menziliniň açylyş dabarasyna ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri uly gyzyklanma bildirýär

1077708
Prezident  Erdoganyň uçary täze howa menziline gondy

Doly ulanylmaga berilmegi bilen dünýäniň iň uly howa menzillerinden biri boljak Stambuldaky täze howa menziliniň ilkinji etabynyň açylyş dabarasyna ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri uly gyzyklanma bildirýär.

Açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin gelen myhmanlary THÝ-nyň işgärleri modaçy Ettore Bilotta tarapyndan taýarlanan täze egin eşikleri bilen garşylaýar.

Beýleki tarapdan Türkiýäniň ozalky Premýer ministrlerinden Tansu Çiller bilen aýaly Özer Çiller wTürkiýäniň Futbol federassiýasynyň başlygy Ýyldyrym Demirören bilen birlikde ozalky ministrler, syýasatçylar we sungat ussatlary howa menziline gelmäge başlady.

Açylyş dabarasyna gatnaşjak THÝ-nyň käbir uçarlary hem howa menziline gonmaga başlady

Açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň orkestri konsert programmasy bilen çykyş etdi.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar