Prezident Erdogan 29-njy oktýabr Garaşsyzlyk baýramy mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

"Türkiýäniň üstünligin ezilenleriň we ejir çekýänleriň umydygyna öwrüldi"

1077403
Prezident Erdogan 29-njy oktýabr Garaşsyzlyk baýramy mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Prezident R. T. Erdogan 29-njy oktýabr Garaşsyzlyk baýramy mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

Prezident Erdogan ýüzlenmesinde Türkiýäni şu günki günlere ýetirenlere minnetdarlyk bildirdi we Türkiýäniň geljekde hem öz maksadyna ýetmek üçin aýgytly ädimler bilen öňe gitjekdigini nygtady.

Erdogan “Ezilenlere ýüz öwüren däl eýsem öýüni we çöregini paýlaşan, hak-hukugyň we adalatyň tarapynda duran ýurt hökmünde taryhda öçmejek yz galdyran ýurduň buýsanjy, mertebesi bize ýeter. Biz öz maksadymyza ýetmek üçin asla egilşik etmeris, abaý-syýasatlar we oýunlar bizi boýun egdirip bilmez” diýdi.

Prezident Erdogan ýüzlenmesinde terrora garşy göreşde we 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygynda ýogalanlaryň asla unudylmajakdygyny aýratyn belledi.

Türkiýäniň üstünliginiň ezilenleriň we ejir çekýänleriň umydygyna öwrülendigini aýratyn bellän Erdogan “Inha şol sebäpli ýurdumyz dünýäniň ykdysady taýdan ösen 17-nji ýurdy boldy, berýän ynsanperwer kömekleri meselesinde bolsa milli girdejine görä birinji orny eýeleýär. Ýurtlaryň gapylaryny ýapan bosgunlaryna gujak açyp adamkärçilik jogapkärçiligini ýerine ýetiren ýeke-täk ýurt Türkiýe boldy” diýdi.

Erdogan türk halkynyň taryhynda gazanan ýeňişleriniň her biriniň bir simwol ýagdaýyna gelendigine ünsi çekdi.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar