Prezident Erdogan Star nebiti gaýtadan işleýän zawodyň açylyşyna gatnaşdy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan açylyş dabarasy bolan Star nebiti gaýtadan işleýän zawodyň Azerbaýjan bilen doganlyk gatnaşyklarynyň strategik möçberini has hem güýçlendirendigini nygtady

1072161
Prezident Erdogan Star nebiti gaýtadan işleýän zawodyň açylyşyna gatnaşdy

Erdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen birlikde Izmirde SOCAR Star nebiti gaýtadan işleýän zawodyň açylyşyna gatnaşyp, ol ýerde söz sözledi. 

Türkiýe bilen Azerbaýjanyň öňbaşçylyk etmeginde durmuşa geçirilen her taslamanyň iki ýurdyň sebitleýin güýç bolmak wezipesini berkidýändigini aýdan Erdogan: "Bu zawod Türkiýäniň iň uly ýerlileşdirme taslamasydyr. Bu ýagdaýda nebit önümleri importynda her ýyl 1,5 milliard dollar töwregi tygşytlylyk edilmegi, nebit önümlerinde daşary ýurtlara bolan garaşlylygy azaldylmagy maksat edinilýär" diýip belledi. 

Türkiýäniň we Azerbaýjanyň sebitiň howpsyzlygy we durnuklylygy taýdan esasy aktýorlarydygyny indi hir kim tarapyndan kabul edilmäge başlanandygyny aýdan Erdogan: "Bu iki ýurdyň gatnaşmadyk, razyçylyk bermedigi, goldaw bermedigi hiç bir taslama maksadyna ýetmez" diýip belledi. 

Erdogan: "Ýurdumyzy we doganlarymyzy ýok hasap edýän hereketleriň başarnykly bolmandygyny iň soňunda ähli taraplar görer" diýdi. 

 



Degişli Habarlar