Çawuşogly, Jemal Kaşykçy wakasy bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Saud Arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçy wakasy bilen bagly geçirilýän derňew işiniň çäginde tapylan subutnamalaryň dünýä jemgyýetçiligi bilen paýlaşyljakdygyny habar berdi

1072007
Çawuşogly, Jemal Kaşykçy wakasy bilen bagly beýanat berdi

Mewlüt Çawuşogly, resmi sapar bilen giden Albaniýada ýurdyň Daşary işler ministri Ditmir Buşati bilen duşuşyk geçireninden soň, metbugat ýygnagyna gatnaşdy.

Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň, Jemal Kaşykçy wakasy bilen bagly geçirilýän derňew işiniň çäginde tapylan subutnamalaryň dünýä bilen açyk ýagdaýda paýlaşyljakdygyny mälim etdi.

Ministr Çawuşogly: “Türkiýe, Pompeo ýa-da başga bir amerikaly resmä hiç hili ses ýazgysyny bermedi” diýdi.

Çawuşogly: “Orta çykjak netijeleri bütin dünýä bilen paýlaşarys. Häzirki wagta çenli hiçbir ýurt bilen ol ýa-da başga bir resminamany paýlaşmadyk” diýdi.

Saud reformaçylary üçin esasy platformalardan biri bolan “Al Watan” gazetinde ýazýan we günbataryň habar beriş serişdelerinde Ýakyn Gündogar baradaky habarlary bilen tanalýan Kaşykçy 2-nji oktýabrda resmi işleri üçin ýurdunyň Stambuldaky Başkonsullygyna barmagyndan soň dereksiz ýitipdi.

Kaşykçynyň dereksiz ýitmegi bilen baglanşykly Türkiýäniň we Saud Arabystanynyň resmilerinden ybarat derňew topary döredilipdi. Derňew topary 15-16-njy oktýabrda konsullyk binasynda, 17-nji oktýabrda bolsa konsulyň galan ýerinde derňew geçiripdi.



Degişli Habarlar