Erdogan: “Gagawuziýada köp sanly taslamany iş ýüzüne geçireris”

Prezident R.T.Erdogan Gagawuziýada köp sanly taslamanyň iş ýüzüne geçiriljekdigini aýtdy

1071473
Erdogan: “Gagawuziýada köp sanly taslamany iş ýüzüne geçireris”

Erdogan Gagawuz Awtanomiýasynyň paýtagty Komratda Moldowanyň Prezidenti İgor Dodon we Gagawuziýanyň Prezidenti İrina Wlah bilen Ankaranyň Altyndag etrap häkimligi tarapyndan abatlanan Medeniýet öýüniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Erdogan dabarada sözlän sözünde: “Siziň ähliňize wekiliýetimiň, 81 million türk halkynyň adyndan ýalkymly salam” diýdi.

Erdogan Premýer ministrligi we Prezidentligi döwürnde Gagawuziýa gitmegi arzuw edendigini nygtady.

Şu günki çäre mynasybetli hesret giderendiklerini gürrüň beren Erdogan, Gagawuziýada iş ýüzüne geçirilýän taslamalara goşant goşanlara sagbolsun aýdyp; “Şu günki günde beren sözlerimiz bar, enşalla şol sözlerimizde-de tapylarys we Gagawuziýada köp sanly taslama badalga bereris” diýdi.

Prezident Erdogan sözleriniň soňunda görkezen gyzyklanmalary üçin gagawuz halkyna sagbolsun aýtdy.

Moldowanyň Prezidenti Dodon bolsa çykyşynda şu gün taryhy wakany başdan geçirýändiklerini belläp, onuň sebäbiniň Erdoganyň saparydygyny beýan etdi.

Gagawuziýa ilkinji gezek Türkiýäniň we Moldowanyň Prezidentleriniň bilelikde sapar guraýandygyny nygtan Dodon, Prezident Erdogana sagbolsun aýtdy.

Gagawuziýanyň Prezidenti İrina Wlah hem Türkiýäniň gagawuz halkyna uly goldaw berýändigini, açylan medeniýet merkezine uzak wagtlap garaşandyklaryny, Türkiýe tarapyndan berilen kömekler bilen abatlanandygyny aýtdy.

Prezident Erdogan, Dodon we Wlah soň bolsa Türk İş hyzmatdaşlygy we utgaşdyryjy gullugy TİKA tarapyndan Komratda Aziz Sanjar Diagnostika we Bejerii merkezini açdylar.



Degişli Habarlar