Hulusi Akar: “Terrora garşy göreş tutanýerlilik bilen dowam eder” diýdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar terrora garşy göreşiň tutanýerlilik bilen dowam etjekdigini beýan etdi

1063445
Hulusi Akar: “Terrora garşy göreş tutanýerlilik bilen dowam eder” diýdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Baş ştabyň başlygy Ýaşar Güler, Gury ýer goşunlarynyň serkerdesi Ümit Dündar, Deňiz güýçleriniň serkerdesi Adnan Özbal we Harby howa güýçleriniň serkerdesi Hasan Küçükakýüz bilen Batman welaýatynyň Gerjüş etrabynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan ýoluň aşagyna ýerleşdirilen elde ýasalan bombanyň partladylmagy netijesinde şehit bolan Žandarma güýçlerinden Özgür Jan Injeniň maşgalasyna gynanç bildirdiler.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, ol ýerde eden çykyşynda: “Terror, terrorçy ýok bolýança çenli asla durmarys. Erjel we tutanýerlidiris, göreşimizi soňuna çenli dowam etdireris. Ýük ulaglary bilen, wagonlar bilen ýarag, ok-däri berselerem munyň bir soňunyň ýokdugyny terrorçylaryň başyndakylar göz ýetirdiler, aşakdakylaram göz ýetirer” diýdi.

Ýaragly güýçleriniň, Žandarma güýçleriniň, Polisiýa gullugynyň, goragçylaryň we howpsyzlyk güýçleriniň bir bütewi ýagdaýda gije diýmän, gündiz diýmän terrorçylaryň yzyndadygyny aýdan Hulusi Akar: “Şu günki güne çenli bolşy ýaly, mundan soň hem şehitlerimiziň, şikes ýetenleriň gany ýerde galmaz, bularyň hasabyny soradyk, soramagymyzy dowam hem etdireris” diýdi.



Degişli Habarlar