Erdogan Germaniýanyň Prezidenti Şteinmeieriň hormatyna beren agşam naharyna gatnaşdy

Prezident Erdogan ekstremist terror guramasy PKK-a agza müňlerçe adamyň Germaniýada arkaýyn gezýändigini aýtdy.

1058974
Erdogan Germaniýanyň Prezidenti Şteinmeieriň hormatyna beren agşam naharyna gatnaşdy
erdogan, steinmeier yemek2.jpg
erdogan, steinmeier yemek1.jpg

Prezident Erdogan Germaniýanyň Prezidenti Frank Walter Şteinmeieriň hormatyna beren agşam naharynda eden çykyşynda kärdeşi Şteinmeieriň Türkiýedäki käbir tussaglylar hakyndaky aladalaryna jogap berdi.

Türkiýäniň terrorçylary goramak ýaly wezipesiniň ýokdygyny, ýurtda kimdir biriniň terror guramasy bilen arabaglanşygy bar bolsa onuň hökmany suratda adalatyň öňünde jogap berjekdigini aýdan Erdogan “ÝB tarapyndan terror guramasy hökmünde kabul edilen PKK-nyň müňlerçe agzasy Germaniýada arkaýyn gezýär. Wagtal-wagtal terror guramasynyň ýolbaşçysynyň suratlary bilen Germaniýanyň uly köçelerinde ýöriş geçirýärler. Terror guramalarynyň şeýle arkaýyn hereket etmegine eýsem näme üçin rugsat berilýär?” diýdi.

Ýurtlaryň arasynda garaýyş tapawutlylygynyň bolup biljekdigini aýdan Erdogan “Gatnaşyklarymyzy garaýyş tapawutlylygyna garamazdan dowam etdirmelidiris”diýdi.

Siriýa krizisine we bosgun meselesine Türkiýe bilen Germaniýanyň uly ähmiýet berýändigini aýdan Erdogan “Türkiýe bilen Germaniýa bu etapda bosgunlar krizisiniň ýaýbaňlanmagynyň öňüni aldy. İdlib meselesinde bolşy ýaly Türkiýe Siriýada täze göç tolkunynyň başdan geçirilmezligi we adam pidalarynyň çekilmezligi üçin tagalla etmäge dowam eder. Geljekde bu meselede ýakyndan işleşjekdigimize ynanýaryn” diýip belledi.

Prezident Erdogan Ýewropanyň geljegine howp salýan rassismi, yslama garşy  we daşary ýurt duşmançylygyny goldaýan akymlara garşy tutanýerli göreşiň alnyp baryljakdygyna ynanýandygyny nygtady.

Ykdysady taýdan Germaniýa bilen Türkiýäniň ýakyndan gatnaşyk edýändigini ýatladan Erdogan, Germaniýanyň Türkiýäniň söwda taýdan esasy hyzmatdaşydygyny belledi.

Beýleki tarapdan Prezident Erdogan Berlindäki saparynyň çäginde Germaniýanyň iň uly firmalarynyň we banklarynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny kabul etdi.

 



Degişli Habarlar