Türkiýäniň Paragwaýdaky ilçisi wezipesine Armagan İnji Aksoý bellendi

Paragwaýda ilçihana açmak baradaky kanuny taýarlyklary tamamlan Türkiýäniň şol ýurtdaky ilkinji ilçisi Armagan İnji Aksoý boldy

1055198
Türkiýäniň Paragwaýdaky ilçisi wezipesine Armagan İnji Aksoý bellendi

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada Latyn Amerika we Karaipler boýunça başlangyçlar syýasatynyň çäginde Paragwaý bilen gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda işe girişilendigi habar berilýär.

Şol çäkde Daşay işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň BMG-niň 73-nji Sessiýasynyň işleriniň dowamynda Paragwaýyň Daşary işler ministri Luis Alberto Kastiglioni bilen Nýu-Ýorkda duşuşandygy barada aýdylýan beýannamada; “Duşuşykda Türkiýe Paragwaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi boýunça iki taraply ygtyýar ýene-de bir gezek nygtaldy. Türkiýe Paragwaýdaky ilçihanamyzyň açylmagy boýunça hukuky taýarlyklary tamamlady we Armagan İnji Aksoýy ilkinji Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçimiz hökmünde belledi. Paragwaý tarapyndan hem degişli taýarlyklaryň golaýda tamamlanmagyna garaşylýar” diýilýär.

Beýleki tarapdan BMG-niň 73-nji Sessiýasyndaky mejlislere gatnaşmak üçin Nýu-Ýorkda bolýan Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Paragwaýyň Daşary işler ministri Luis Alberto Kastiglioni, Lesothonyň Daşary işler ministri Lesego Makgoti we Gürjistanyň Daşary işler ministri Dawid Zalkaliani bilen duşuşdy.



Degişli Habarlar