Prezident Erdogan rus gazedine interwýu berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň, hiçbir şert bilen serhediniň islendik ýerinde terrora rugsat bermejekdigini nygtady

1055563
Prezident Erdogan rus gazedine interwýu berdi

Erdogan Russiýanyň Kommersant gazedine beren interwýusynda, Siriýadaky çözgüt etabynyň üstünde durup geçdi.

Beýanatynda terrora garşy göreşiň hem üstünde durup geçen Erdogan: “Türkiýäniň PKK, PÝD/ÝPG we DSG ýaly aýralykçy terror guramalaryna garşy göreşine Russiýanyň hem goldaw bermegine garaşýarys” diýdi.

Türkiýäniň terrora garşy göreşde tutanýerlidigini aýdan Erdogan, ony Siriýanyň Afrin, Jerablus, El Bab we Idlib sebitindäki operasiýalary bilen ençeme gezek tassyklandygyny habar berdi.

Russiýanyň Soçi şäherinde 17-nji sentýabrda Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen geçiren duşuşygynda, bu meselä berilýän ähmiýeti nygtap geçendigini aýdan Prezident Erdogan: “Türkiýäniň bu terror guramalaryna garşy göreşine Russiýanyň hem goldaw bermegine garaşýarys” diýdi.

Erdogan, Russiýa bilen hyzmatdaşlygyň öňümizdäki etapda has hem işjeň ýagdaýda dowam etjekdigine ynanýandygyny belledi.

Erdogan: “Ylymly oppozisionerleri terrorçy diýip ortadan aýyrmagy maksat edinýän islendik herekede garşydygymyzy ençeme gezek belläp geçdik” diýdi.

Bosgun meselesiniň hem üstünde durup geçen Erdogan: “Dünýämiziň ganaýan ýarasy bolan bu meseläni, diňe Türkiýäniň meselesi ýaly görmek dogry däldir” diýdi.


Etiketkalar: #Erdogan , #Idlib , #Russiýa

Degişli Habarlar