Hulusi Akar PKK-a garşy göreş bilen bagly beýanat berdi

Soňky 45 günüň dowamynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 366 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1052759
Hulusi Akar PKK-a garşy göreş bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar Prezidentiň Kompleksindäki Weterenlaryň güni mynasybetli geçirilen çärede çykyş etdi.

Çykyşykda terrora garşy göreşde üstünlikli netijeleriň alynýandygyna ünsleri çeken Akar, soňky 45 günde ýurdyň hem öz içinde hem-de daşary ýurtda geçirilen operasiýalarda guramanyň ýolbaşçylary bilen birlikde 366 terrorçynyň täsirsiz ýagdaý getirilendigini habar berdi.

Hulusi Akar ekstremist terror guramasynyň hereket ukybynyň örän peselendigini mälim etdi.

Çykyşynda Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Idlib sebitinde emele getiren gözegçilik nokatlarynyň hem üstünde durup geçen Akar: “Idlibde emele getirilen gözegçilik nokatlarymyz we sebitde bar bolan Türk Ýaragly güýçleri, işlerini täsirli ýagdaýda ýerine ýetirmäge dowam edýär” diýdi.


Etiketkalar: #Hulusi Akar , #PKK

Degişli Habarlar