Türkiýäniň Prezidenti Rus lider bilen duşuşyk geçirer

Türkiýäniň Siriýanyň Idlib şäheri bilen bagly diplomatiýasy dowam edýär

1050458
Türkiýäniň Prezidenti Rus lider bilen duşuşyk geçirer

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Siriýanyň Idlib şäherindäki soňky wakalary ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen ertir Russiýanyň Soçi şäherinde Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen duşuşyk geçirer.

Iki lider Siriýadaky hadysalary we Idlibiň soňky ýagdaýyny maslahatlaşar.

Erdogan we Putin soňky gezek Eýranyň paýtagty Tähranda geçirilen Siriýa temaly maslahatda duşuşyk geçiripdiler.

Beýleki tarapdan Prezidentiň Metbugat merkezinden Prezident Erdoganyň Russiýa Federasiýasyna gurajak sapary bilen bagly beýanat berildi. 

Erdoganyň ertir Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde 1 günlik iş saparyny gurajakdygy aýdylýan beýanatda: "Saparyň çäginde Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Döwlet başlygy Wladimir Putin bilen ikiçäk duşuşyk geçirer. Saparyň çäginde iki ýurdyň degişli ministrleriniň we resmileriniň gatnaşmagynda toparara gepleşikler geçirjekdigi hem göz öňünde tutulýar" diýip habar berildi. 

Tähran maslahatynda Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bilen bilelikde üçtaraplaýyn gepleşikler we metbugat ýygnagyny geçirilipdi.


Etiketkalar: #Erdogan , #Putin , #duşuşyk , #Soçi

Degişli Habarlar