Ekstremist terror guramasyna garşy göreş arakesmesiz dowam edýär

Terror guramasy PKK-a garşy göreş dowam edýär

1050302
Ekstremist terror guramasyna garşy göreş arakesmesiz dowam edýär

Mardin welaýatynyň Kyzyltepe we Nusaýbin etraplarynyň arasyndaky Siriýa serhedi liniýasynda geçirilen operasiýada 2-si zenan terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy bikanun ýollardan Türkiýä geçýän mahaly saklandy.

Terrorçylaryň bomba bilen bagly tälim alandygy habar berildi.

Batman welaýatynyň Kozluk etrabynda gubernatoryň we ýokary derejeli ýolbaşçylaryň janyna kast etmek üçin taýýarlyk görýän bir terrorçy tussag edildi.

Muş welaýatynyň Hasköý etrabynda terrorçylara degişli gaçybatalga tapyldy.

Wan welaýatynyň Gürpynar etrabyndaky operasiýada bolsa bir terrorçy tussag edildi, köp mukdarda ýarag we ok-däri ele geçirildi.

Beýleki tarapdan ekstremist terror guramasynyň Siriýadaky şahasy ÝPG agzadygy çaklanan siriýaly 2 dogan bolsa Amasýa welaýatynda saklandy, doganlaryň biri tussag edildi.

Stambulda ekstremist terror guramasy PKK-nyň ýaşlar goluna garşy geçirilen operasiýada bolsa şübhe astynda bolan 16 adam göz tussaglygyna alyndy.


Etiketkalar: #PKK , #ÝPG , #Wan , #terrorçy , #Muş , #Amasýa

Degişli Habarlar