"ABŞ Fetullahçy terror guramasyna ýylda 800-850 million dollar berýär"

Prezident Erdogan resmi sapar bilen Türkiýä gelen Beniniň Prezidenti Talon bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi

1044854
"ABŞ Fetullahçy terror guramasyna ýylda 800-850 million dollar berýär"

 

Prezident Erdogan ABŞ-nyň Fetullahçy terror guramasyna ýylda 800-850 million dollar berýändigini aýtdy.

Prezident R. T. Erdogan resmi sapar bilen Türkiýä gelen Beniniň Prezidenti Patris Talon bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi.

Prezident Erdogan Beninli kärdeşi Talon bilen Fetullahçy terror guramasy FETÖ barada pikir alyşandygyny nygtap “FETÖ guramasy mälim bolşy ýaly bir wirus ýaly dürli ýagdaýda ähli ýurtlara ýerleşen. FETÖ Beninde hem iş alyp barýar. Türkiýäniň Magarif gaznasynyň wekili geçen aý Beninde öz içine başlady. Gysga wagtda FETÖ garşy göreşde onyň netije aljakdygymyza ynanýaryn” diýdi.

Prezident Erdogan “ABŞ şol guramanyň ýolbaşçysyna 400 gekdarlyk ýer berdi we FETÖ-niň ýolbaşçysy dünäniň çar tarapyndaky guramalaryny şol ýerden gönükdirýär. Ýyllyk çarter mekdeplerinden Amerika şol gurama 800-850 million dollar berýär. Bu görkeziji şol guramanyň arkasynda kimleriň bardygynyň bilinmeýi taýdan diýseň möhüm” diýip belledi.



Degişli Habarlar