Prezident Erdogan Germaniýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan iş sapary bilen Ankara gelen Germaniýanyň Daşary işler ministri Heiko Maasy kabul etdi

1044038
Prezident Erdogan Germaniýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi

Prezidentiň Kompleksinde bolan kabul edilşik takmynan 1 sagat dowam etdi.

Duşuşyga Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem gatnaşdy.

Heiko Maas Germaniýada ýola çykmadan ozal: “Türkiýe uly bir goňşy bolmak bilen çäklenmän, eýsem Germaniýanyň möhüm bir hyzmatdaşydyr” diýdi.

Twitterden türk dilinde ýüzlenme beren Maas: “Türkiýe uly bir goňşy bolmak bilen çäklenmän, eýsem Germaniýanyň möhüm bir hyzmatdaşydyr. Gatnaşyklarymyzy has hem özgertmek üçin güýçli bir ygtyýara eýediris. Türkiýä gurajak saparym bilen muňa goşant goşmak isleýärin. Türkiýe bir goňşydan has uly” diýdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly we Maas şu gün Stambuldaky nemes liseýiniň 2018-2019 täze okuw ýylynyň açylyş dabarasyna gatnaşar.



Degişli Habarlar