Mewlüt Çawuşogly Awstriýa sapar gurar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Awstriýa gider

1039753
Mewlüt Çawuşogly Awstriýa sapar gurar

Ýurdyň paýtagty Wenada 30-31-nji awgustda geçiriljek Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar.

ÝB-e agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri Awstriýanyň paýtagty Wenada jemlenişerler.

Maslahatda sebitleýin we global meseleler ara alynyp maslahatlaşylar.

Maslahatda köp taraplylyk, sifr we tankydy infrastruktura ýaly ugurlar ele alynar.

Çawuşoglynyň maslahatyň çäginde ýewropaly kärdeşleri bilen ikiçäk duşuşyklar geçirmegine garaşylýar.

Duşuşyklarda Türkiýäniň ÝB bilen gepleşikler etaby we ikitaraplaýyn gatnaşyklar gün tertibe getiriler.



Degişli Habarlar