Türkiýe Ysraýylyň kararyny ýazgardy

Türkiýe Ysraýylyň bikanun ýaşaýyş ýerlerinde goşmaça ýagdaýda ýaşaýyş ýerlerini gurmak baradaky kararyny ýazgardy

1037046
Türkiýe Ysraýylyň kararyny ýazgardy

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: “Ysraýylyň gabaw astynda saklaýan Günbatar Şeriada 2 müňden gowrak täze ýaşaýyş ýerleriniň gurulmagyna rugsat bermegini berk ýagdaýda ýazgarýarys” diýip bellendi.

Halkara hukuk we BMG-niň degişli kararlaryny äsgermän edilen bu ädimleriň, parahatçylyk etabyny dikeldip bolmajak ýagdaýda zyýan ýetirendigi aýdylýan beýanatda: “Palestinanyň halkynyň esasy hukuklarynyň düzgünlerini bozan bu herekete garşy çykylmagy hukuk we wyždan taýdan bir jogapkärçilikdir. Halkara jemgyýeti bu jogapkärçiligi ýerine ýetirmäge çagyrýarys” diýip bellendi.

Ysraýylyň 1967-nji ýyldan bäri gabaw astynda saklaýan Günbatar Şeriada 131, Gündogar Iýerusalimde 10, Günbatar Şerianyň depelerindäki ýerlerde 116 ýaşaýyş ýerini gurandygy habar berilýär.

Günbatar Şeriadaky ýaşaýyş ýerlerinde takmynan 500 müň adamyň, Gündogar Iýerusalimdäki ýaşaýyş ýerlerinde bolsa 220 müň adamyň ýaşaýandygy, Ysraýylyň özüniň Günbatar Şeriadaky ýaşaýjylaryň sanyny gysga wagtda 1 milliona ýetirmegi maksat edinýändigi mälim edildi.

Halkara hukukda gabaw astyndaky Palestina topraklarynda jöhitleriň ähli ýaşaýyş ýerleri bikanun hökmünde kabul edilýär.  



Degişli Habarlar