Soňky bir hepdede 40 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

İçeri işler ministrliginden berilen beýanatda awgust aýynyň 12-20-si aralygynda 2,331 operasiýanyň geçirilendigi habar berildi

1035521
Soňky bir hepdede 40 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Operasiýalaryň dowamynda 24 sanysy öli, 5 sanysy sag, 11 sanysy boýun egen jemi 40 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Täsirsiz ýagdaýa geririlenlerin arasynda gözlenýänleriň sanawynyň mämişi bölüminäki Ömer Duran we Pynar Ýyldyrym hem bar.

Soňky bir hepdäniň dowamynda geçirilen operasiýalarda 4308 adam saklandy.

Şolaryň hatarynda ekstremist terror guramasy PKK bilen arabaglanşykly 297, Fetullahçy terror guramasy bilen arabaglanşykly 221, DAİŞ bilen arabaglanşykly 28 we çepli guramalar bilen gatnaşyk edýändigi kesgitlenen 6 adam bar.

Şeýlede kiber jenaýatlara garşy alynyp barylýan göreşiň çäginde halky duşmançylyga, öýke-kinä gönükdiren 462 sany sosial media hasaby boýunça derňew işi geçirildi.

Anyklanan 328 adam bilen barada iş gozgaldy.



Degişli Habarlar