Siirt welaýatynda 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Türk ýaragly güýçleri hem Yragyň demirgazygyna guraýan howa hüjümlerini dowam etdirýär
1034734
Siirt welaýatynyň Rerwari Ýazlyja-Herekol dagy etrapçasynda 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Içeri işler ministrliginden berlen beýanata görä, Siirt welaýatynda terror guramalaryna garşy geçirilýän operasiýa dowam edýär.
Beýleki tarapdan Türk ýaragly güýçleri hem Yragyň demirgazygyna guraýan howa hüjümlerini dowam etdirýär.
Kandil we Matina etrapçalarynda guralan howa hüjüminde terrorçylar tarapyndan ulanylýan gowaklar, gaçybatalgalar we ýarag ammarlary nyşana alyndy we hatardan çykaryldy.
Degişli Habarlar
Alžiriň Energetika Ministri Ankarada Saparda Bolýar
Jewdet Ýylmaz, Alžiriň Energetika we magdanlar ministri Muhammed Arkab bilen duşuşdy.