"Türkiýe walýuta kursyndaky durnuksyzlykdan has güýçli çykar"

Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýrak: "Türkiýe walýuta kursyndaky durnuksyzlykdan has güýçli çykar" diýdi

1033870
"Türkiýe walýuta kursyndaky durnuksyzlykdan has güýçli çykar"

Daşary ýurtly maýadarlar bilen telekonferensiýa arkaly söhbetdeş bolan Berat Albaýrak: "Türkiýäniň bank ulgamy berk we güýçli. Bank ulgamyna goldaw bermekde ikirjiňlenmeris. Kärhanalar gysga möhletlik borçnamalaryny ýerine ýetirip biler" diýdi. 

Inflýasiýa garşy göreşde Merkezi Banka zerur bolan her dürli maliýe goldawy berjekdiklerini aýdan Albaýrak maliýe tertip-düzgünden asla ýüz öwürmejekdiklerini habar berdi. 

Albaýrak: "Maýadarlardan goldaw gördük, Türkiýäniň ykdysadyýetine ynam dowam edýär. Ynamy artdyrmak üçin her dürli ädim ederis" diýdi. 

Türkiýäniň erkin bazar pozisiýasyndan ýüz öwürjek bir krizis döwründe bolmandygyny aýdan Albaýrak: "Bir Halkara pul gaznasy meýilnamasy ýok. Gönüden maýa çekmäge gönükdik" diýdi. 

Birnäçe hepdäniň dowamynda goşmaça gazna çeşmelerini aýan etjekdiklerini aýdan Albaýrak: "Täze makro ykdysady seresaplylyk, ýygy makro we maliýe syýasatlar bilen dowamly ösüşe eýe bolarys. Has paýhsaly ösüşe garaşýarys" diýdi. 

Köp sanda ýurdyň ABŞ-niň hökümetiniň sanksiýalaryna sezewar bolýandygyny aýdan Albaýrak: "Koordinasiýa içinde bolmalydyrys" diýdi. 

Maslahata 3 müň 783 daşary ýurtly maýadar ýüz tutupdy. Maslahatyň başlamagy bilen bu san 6 müňden hem geçdi. 

 



Degişli Habarlar