Berat Albaýrak daşary ýurtly maýdarlar bilen telekonferensiýa arkaly gepleşik geçirer

Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýragyň 16-njy awgustda penşenbe güni ertir daşary ýurtly maýadarlar bilen geçirjek telekonferensiýa arkaly gepleşigine häzirki wagtda 3 müň halkara maýadar bellige alyndy

1033050
Berat Albaýrak daşary ýurtly maýdarlar bilen telekonferensiýa arkaly gepleşik geçirer

Bu sanyň ertir geçiriljek maslahata çenli has hem artjakdygy çak edilýär.

Gazna we Maliýe ministrliginden berlen maglumata görä, ady agzalýan telekonferensiýa ertir Türkiýe wagty bilen sagat 16.00-da, Nýu Ýork wagty bilen sagat 09.00-da geçirler.

Daşary ýurtly maýadarlar bilen ilkinji telekonferensiýasyny geçirjek Albaýrak, soňky döwürde başdan geçirilýän ykdysady meseleler hakynda daşary ýurtly maýadarlara giňişleýin maglumat berer.

Telekonferensiýa ABŞ-daky, Ýewropadaky we Ýakyn Gündogardaky maýadarlar başda bolmak bilen dünýäniň beýleki ýurtlaryndan hem işewür adamlaryň gatnaşjakdygy göz öňünde tutulýar.



Degişli Habarlar