Germaniýanyň Ykdysadyýet ministri Altmaier oktýabr aýynda Türkiýä geler

Altmaieriň Türkiýä 80 adamdan ybarat wekiliýet bilen geljekdigi habar berildi

1025335
Germaniýanyň Ykdysadyýet ministri Altmaier oktýabr aýynda Türkiýä geler

“Doýçe Welläniň” türk dilindäki neşiriniň habar bermegine görä saparyň özara ykdysady gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen guraljakdygy beýan edildi

Nemes habarlar gullugy “DPA” bolsa ministr Altmaieriň saparynyň oktýabr aýynyň 25-26-sy aralygynda guraljakdygyny mälim etdi.

Altmaieriň Türkiýä 80 adamdan ybarat wekiliýet bilen geljekdigi habar berildi.

Altmaieriň saparynyň çäginde bilelikdäki ykdysady we söwda toparlarynyň maslahatlarynyň geçirilmegi nazarda tutulýar.

Türkiýe bilen Germaniýanyň arasyndaky özara ykdysady gatnaşyklar barada pikir alyşyljak maslahatyň taýarlyklary birnäçe ýyl ozal başlapdy.

Türkiýäniň daşary söwda gatnaşygyndaky esasy hyzmatdaşlaryndan biri bolan Germaniýanyň 7,100-den gowrak firmasy Türkiýede iş alyp barýar.



Degişli Habarlar