Türkiýäniň Adalat we Içeri işler ministrleri ABŞ-niň kararyna reaksiýa bildirdiler
Adalat ministri Abdulhamit Gül: “ABŞ-de ýa-da islendik başga bir ýurtda galmarynam, ol ýerlerde ýekeje kuruş pulumam ýok” diýdi
Abdulhamit Gül Twitteriň üsti bilen beren beýanatynda ABŞ-niň özüne we Içeri işler ministri Süleýman Soýla garşy skandal sanksiýa girizmegi bilen bagly beýanat berdi.
Gül: “Meniň bu topraklarda ýaşamakdan we bu topraklarda ölmekden daşary bir düýşim bolmady. ABŞ-de ýa-da islendik başga bir ýurtda galmarynam, ol ýerlerde ýekeje kuruş pulumam ýok. Nesip bolsa belkem günleriň birinde dogduk ýerim Gaziantepde zeýtunlyk üçin kiçiräk bir ýer alaryn” diýip belledi.
Ýurdyň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu bolsa: “ABŞ-de bir şahsyýet bar, ol hem FETÖ-dir. Ony hem ol ýerde goýmarys, alarys” diýdi.
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan, Gollandiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Wahdettin köşgünde bolan kabul edilşik metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
TRT Ispan digital habar platformasy dabaraly ýagdaýda açyldy.