Şu gün Milli howpsuzlyk geňeşi geçiriler

Täze dolanşyk ulgamynyň ilkinji Milli howpsuzlyk geňeşi şu gün Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçiriler

1021790
Şu gün Milli howpsuzlyk geňeşi geçiriler

Wise-prezident Fuat Oktaý, Adalat ministri, Milli Goranmak ministri, Içeri işler ministri we Daşary işler ministrleriniň gatnaşjak geňeşe şeýle hem Baş Ştabyň başlygy we serkedeler gatnaşar. 

Prezidentiň kompleksinde geçiriljek maslahatyň gün tertibinde terrora garşy göreş we daşary syýasat bolar. 

Adatdan daşary ýagdaýdan soňky etap gözden geçiriler. 

Sebitleýin meseleler hem ara alynyp maslahatlaşylar. 

Siriýanyň Manbij şäherinde ABŞ bilen bilelikde durmuşa geçirilýän meýilnama ele alynar. 

Prezidentiň kararnamasy bilen täzeden gözden geçirilen Milli howpsuzlyk geňeşi täze dolanşyga laýyklykda 2 aýda 1 gezek geçiriler. 

Milli howpsuzlyk geňeşiniň agzalary gerek bolan halatynda Prezidentiň çagyryşyna laýyklykda hem jemlenip biler. 

Geňeşiň gün tertibi Prezident tarapyndan kesgitlener. 

Geňeşe Prezidentiň gatnaşman mahaly Wise-prezident ýolbaşçylyk eder. 

 



Degişli Habarlar