Türk lider BRIKS maslahatynyň çäginde Hytaýyň Döwlet başlygy bilen duşuşdy

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Hytaýyň ýadro bekedi bilen bagly teklibine oňyn garaýandyklaryny belläp, 4-nji bekedi bu ýurt bilen başlap biljekdiklerini beýan etdi

1021801
Türk lider BRIKS maslahatynyň çäginde Hytaýyň Döwlet başlygy bilen duşuşdy

Erdogan Günorta Afrikada geçirilen 10-njy BRIKS maslahatynda Hytaýyň Döwlet başlygy Si Szinpin bilen giňişleýin gepleşikler geçirendigini habar berdi. 

Türk metbugat işgärleriniň bu duşuşyk bilen bagly soraglaryna jogap beren Erdogan Hytaý bilen Türkiýäniň arasyndaky ýadro energetika meselesiniň üstünde durandyklaryny mälim etdi. 

Erdogan ýadro energetikada Russiýa bilen ädim edendiklerini belläp: "Ol häzirki wagtda durmuşa geçirilýär. 20-22 milliard dollarlyk bir maýa goýum. Uly bir maýa goýum. Ikinji şertnamany Ýaponlar bilen gol çekişdik. 3-nji şertnamany bolsa fransuzlar bilen ylalaşdyk. Emma ol ýerde näme üçindir bir gowşaklyk bar" diýdi. 

3-nji ýadro bekedini Hytaý bilen gurmak isleýändiklerini aýdan Erdogan: "Hytaý 3-nji ýadro bekediniň gurluşygyna oňyn garaýar. Nesip bolsa oňa hem başlarys. Gowy bir nokada geldik. Durmuşa geçirip başlanymyzdan soň, 4-njini hem olar bilen başlap bileris" diýip nygtady. 

 



Degişli Habarlar