Türk ýaragly güýçleri Manbiji terrordan saplamaga dowam edýär

Gözegçilik işiniň ilkinjisi 18-nji iýunda geçirilipdi

1020223
Türk ýaragly güýçleri Manbiji terrordan saplamaga dowam edýär

Baş ştabdan berilen beýannama görä Türk ýaragly güýçleri we ABŞ-nyň ýaragly güýçleri “Ýefrat Galkany” operasiýa giňişligi bilen MAnbijiň arasyndaky zolakda 20-nji utgaşykly/garaşsyz gözegçilik işini amala aşyrdy.

Gözegçilik işiniň ilkinjisi 18-nji iýunda geçirilipdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly amerikaly kärdeşi Maýk Pompeo bilen 4-nji iýunda geçiren duşuşygynda etrapda howpsyzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi baradaky iş meýilnamasyny tassyklapdy.

Meýilnama Türkiýe we Amerikan tarapynyň harby we howpsyzlyk güýçler bilen etrapda bilelikde gözegçilik işlerine başlamagyny hem göz öňünde tutýar.

Ylalaşyk Manbijde terrorçylaryň saplanmagyndan soň etrapda ýerli ilatdan dolanşyk ulgamynyň gururulmagyny maksat edinýär.

Ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK Halabyň Manbij etrabyny 2016-njy ýylyň awgust aýynda ABŞ-nyň goldaw bermeginde DAİŞ-den alypdy.

Manbijiň ilatynyň 90 göteriminden gowragy araplardan ybarat.


Etiketkalar: #Manbij , #gözegçilik

Degişli Habarlar