Prezident Erdogan Afrika saparyna çykar

Erdogan ondan soň 28-nji iýulda Zambiýa resmi sapar gurar

1017093
Prezident Erdogan Afrika saparyna çykar

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan 25-27-nji iýul aralygynda Günorta Afrika Respiblikasynyň Ýohannesburg şäherinde geçiriljek BRIKS-e agza ýurtlaryň Döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatyna gatnaşar.

Erdogan ondan soň 28-nji iýulda Zambiýa resmi sapar gurar. 

Türkiýe BRIKS maslahatynyň çäginde 27-nji iýulda geçiriljek "BRIKS goşmak" bölümine Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň döwürleýin başlygy hökmünde çagyryldy. 

Prezident Erdoganyň BRIKS maslahatyna gatnaşmagy, Türkiýe bilen BRIKS-iň arasyndaky ilkinji ýokary derejeli gepleşik bolar. 

Erdoganyň Günorta Afrika Respublikasyna gurajak saparynda mundan başgada BRIKS-e agza ýurtlar we maslahata çagyrylan beýleki ýurtlaryň liderleri bilen ikiçäk duşuşyk geçirmegine garaşylýar. 

Prezident Erdogan Günorta Afrika Respublikasyna guran saparyndan soň 28-nji iýulda Zambiýa resmi sapar gurar. 

Saparyň çäginde ikiçäk we toparara gepleşikler geçirjek Prezident Erdogan we Zambiýanyň Prezidenti Edgar Çagwa Lungu duşuşyklarynda iki ýurdyň gatnaşyklaryny ähli ugurlary boýunça ele alar, sebitleýin we halkara wakalar barada pikir alyşar. 

 


Etiketkalar: #Afrika , #sapar

Degişli Habarlar