Berat Albaýrak G-20 maslahaty bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýrak Argentinadaky G-20 maslahatynyň öran netijeli geçýändigini belledi

1017006
Berat Albaýrak G-20 maslahaty bilen bagly beýanat berdi

Albaýrak Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýres şäherinde geçirilýän G-20-ä agza ýurtlaryň Maliýe ministrleriniň we Merkezi banklaryň başlyklarynyň gatnaşmagynda geçirilýän duşuşyklar barada Anadoly habarlar agentligine beýanat berdi.

Albaýrak: “Global söwdanyň örän kyn pursatlaryň başdan geçirilýän bir döwründe we Türkiýe taýdan hem täze bir döwrüň başlangyjy bolmagy bilen öz düzüminde ykdysady diplomatiýany hem jemleýän taryhy we tankydy bir maslahat boldy biz üçin” diýdi.

Örän netijeli we şowly ikitaraplaýyn gepleşikler geçirendigini aýdan Albaýrak ABŞ-li, Germaniýaly, Fransiýaly, Braziliýaly, Günorta Koreýaly, Indoneziýaly we ÝB-li kärdeşleri bilen ikiçäk duşuşyklar geçirendigini habar berdi.

Beýleki resmiler bilen hem gysga wagtlyk gürrüňdeşliklerde we G-20 programmasynyň çäginde duşuşandygyny aýdan Albaýrak şol duşuşyklarda güýçli bir ykdysady diplomatiýanyň we aragatnaşyk etabynyň başdan geçirilendigini beýan etdi.

Berat Albaýrak Türkiýäniň hem öz ykdysady syýasatynda, hem-de sebitleýin we global ykdysady syýasatynda paýlaşýan, girdeji al-girdejil al ýörelgesine esaslanýan, nähili derejede işjeň we dinamik bir syýasat alyp barandygyny, şu günki güne çenli durmuşa geçiren taslamalary bilen subut edendigini nygtap, G-20 maslahatynyň infrastruktura bilen baglanşykly bölüminde esasy çykyş eden resmi hökmünde, çykyşynda bu taslamalaryň üstünde durup geçendigini mälim etdi.



Degişli Habarlar