Türkiýe Ysraýyl tarapyndan kabul edilen kanuna reaksiýa bildirdi

Türkiýe Ysraýylyň mejlisinde şu gün tassyklanan Ýewreý milli döwleti kanunyna reaksiýa bildirdi

1015724
Türkiýe Ysraýyl tarapyndan kabul edilen kanuna reaksiýa bildirdi

Daşary işler ministrligi Ysraýylyň mejlisinde sese goýulan Ýewreý milli döwleti kanuny bilen baglanşykly: "Ýewreý milli döwleti kanuny ähliumumy hukuk ýörelgelerini basgylaýar, palestinalylaryň hukuklaryny äsgermeýär" diýip belledi. 

Kanunda Ysraýylyň gabawy astynda bolan Iýerusalimi paýtagt hökmünde yglan edilmeginiň halkara jemgyýeti taýdan Ýok hökmündedigi bellenen beýanatda: "Şol kanunda BMG-niň karary bilen bikanundygy ençeme gezek tassyklanan ýaşaýyş ýerleriniň kanuny hökmünde görkezilmegi kabul edilmez" diýip bellendi. 

 



Degişli Habarlar