"Hiç kim daşardan Türkiýäniň syýasatyny gönükdirip bilmez"

Premýer ministr Ýyldyrym 70 müň bolan eksport mukdaryny 120 müňe ýetirmegi maksat edinýändiklerine ünsi çekdi

1003024
"Hiç kim daşardan Türkiýäniň syýasatyny gönükdirip bilmez"

Premýer ministr Binali Ýyldyrym hiç kimiň dşardan Türkiýäniň syýasatyny gönükdirip bilmejekdigini aýtdy.

Premýer ministr Ýyldyrym Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň Baş Assambleýasynda we 2017-nji ýylyň  Eksport çempionlary baýrak gowşurylyş dabarasynda eden çykyşynda Türkiýäniň galkynyşynda hususy pudagyň esasy orun eýeleýändigini nygtady.

Eksportyň günsaýyn artýandygyny nygtan Premýer ministr Ýyldyrym 70 müň bolan eksport mukdaryny 120 müňe ýetirmegi maksat edinýändiklerine ünsi çekdi.

24-nji iýunda geçirlen saýlawlar barada hem durup geçen Premýer ministr Ýyldyrym "Hiç kim daşardan Türkiýäniň syýasatyny gönükdirip bilmez. Türkiýäniň syýasatyna milli ygtyýar karar berer. Milli ygtyýaryň eýesi hem halkdyr” diýdi.



Degişli Habarlar