Türkiýe altynjy “uçýan galany” ýaragly güýçleriniň inwentaryna goşdy

Türk ýaragly güýçleri “uçýan gala” atlandyrylýan A400 M Atlas kysymly uçaryň 6-njysyny inwentaryna goşdy

997567
Türkiýe altynjy “uçýan galany” ýaragly güýçleriniň inwentaryna goşdy
ucan kale A400M Atlas ucagi1.jpg

Baş ştabyň internet sahypasyndan berilen beýannama görä A400M Atlas kysymly uçaryň altynjysynyn Türk ýaragly güýçleriniň inwentaryna goşulmagy mynasybetli Kaýseri welaýatyndaky 12-nji Harby howa gatnawynyň esasy bazasynda dabara guraldy.

A400M Atlas strategik ýük uçary taslamasy 1985-nji ýylda başladylypdy, şol uçarlaryň ilkinjisi 2014-nji ýylyň 12-nji maýynda inwentara goşulypdy.

Türkiýäniň 1988-nji ýylda degişli bolan taslamasy Germaniýanyň, Belgiýanyň, Fransiýanyň, Britaniýanyň we İspaniýanyň gatnaşmagynda dowam edýär.

Taslamanyň çäginde Howa güýçleri serkerdeligi üçin 10 sany A400M uçarynyň alynmagy meýilleşdirilýär.

A400M Atlas strategik gatnaw uçary bilen Harby howa güýçleri tizlik, alyslyk we ağyrlyk taýdan göteriş ukyby 2 esse ýokarlady.

A400M eýe bolan  ukyby bilen Türk ýaragly güýçleriniň dünýäniň ähli ýerinde operasiýa gurama özboluşlygyna eýe bolmagyny üpjün edýär.



Degişli Habarlar