"Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Kandili terrorçylardan arassalar"

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Siriýanyň demirgazygyny ekstremist terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG-den saplaýan Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Yragyň Kandil sebitini hem terrorçylardan arassalajakdygyny nygtady

996105
"Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Kandili terrorçylardan arassalar"

Izmirde halka ýüzlenip çykyş eden Binali Ýyldyrym: "Ýewfrat galkany bilen terrory Siriýada gaçan ýerlerinde ýok etdik. Afrin operasiýasy bilen baýdagymyzy ol ýere oturtdyk. Terrorçylar ol ýerden söküp aýyrdyk. Indi nobat Kandile gelip ýetdi, ol ýeri hem ýumurarys, muňa ant içdik, bu hyýanatçylary ol ýerde ýaşatmarys" diýdi. 

PKK/PÝD-ÝPG-niň daşarky güýçler tarapyndan Türkiýä garşy ulanylan bir taslamadygyny aýdan Binali Ýyldyrym: "Olary kürtler diýip bir aladasy ýok. Bu terror kürtleriňem, türkleriňem, bu milletiňem esasy meselesi. Bu terrory ýok etmek bolsa biziň borjumyzdyr" diýip belledi. 

 



Degişli Habarlar