Erdogan Türkiýäniň ýokary depginde atom energiýa gönükjekdigini aýtdy

Prezident sosial mediadaky ýörite ýaýlymda “Ýaşlar we Tehnologiýa Duşuşygy” gepleşiginde ýaşlaryň soraglaryna jogap berdi

994809
Erdogan Türkiýäniň ýokary depginde atom energiýa gönükjekdigini aýtdy

Mersin welaýatynyň Akkuýu etrabynda atom elektrik bekediniň gurluşygynyň dowam edýändigini nygtan Erdogan, ikinji bekediň bolsa Sinopda guruşjakdygyny, üçünji beket üçin gepleşikleriň dowam edýandigini aýtdy.

Atom beketleriniň döwrebap tehnologiýa eýedigini beýan eden Erdogan, atom energiýasy boýunça bilim almaklary üçin 300 talybyň Russiýa ugradylandygyny ýatlatdy.

Türkiýäniň atom elektrik beketleri boýunça Ýaponiýa we Fransiýa bilen hem işleşýändigini aýdan Erdogan; “Şony gutarandan soň ýene-de şonça, belkem has köpräk talyby bilim almak üçin ugradarys. Üçünji bekedi Hytaý bilen gurmagy meýilleşdirýäris. Ylalaşan halatymyzda şol ýurda-da talyp ugradarys. Olar hem Hytaýda bilim alyp, tejribe öwrenerler. Şeýlelikde Türkiýe energiýa bolan isleginiň esasy bölegini atom energiýasyndan giderer. Bu iňňän möhüm” diýdi.

Prezident Erdogan atom energiýasy meselesinde aldawa düşmek islemeýändiklerini nygtady.

“Atom energiýasynyň daşky gurşawa zyýanlydygy” baradaky habarlary ýatladan Erdogan; “Dünýäde atom energiýasyndan peýdalanýan ýurtlar haýsy ýurtlar diýlende, oňa garşy durýandygyny aýdýanlaryň esasy böleginde atom energiýa beketleri bar. İndi bu oýunda aldanmarys” diýdi.

 



Degişli Habarlar