Yragyň demirgazygynda 35 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Baş ştab operasiýa bilen baglanşykly beýanat berdi

993574
Yragyň demirgazygynda 35 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

 

Yragyň demirgazygyndaky Kandil sebitinde geçirilen howa operasiýasynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 35 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Baş ştab tarapyndan berilen beýanatda Kandile garşy guralan howa hüjümleri barada maglumat berildi.

Şoňa laýyklykda 15-nji iýunda geçirilen howa operasiýasynda PKK-ly 35 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi anyklandy.

Yragyň demirgazygyndaky Zap, Awaşin-Basýan bilen Hakkari welaýatynyň Çukurja etraplarynda guralan howa hüjümlerinde PKK-a agza 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Düýn guralan howa hüjümlerinde ekstremist terror guramasy tarapyndan gaçybatalga, ýarag liniýasy we ok-däri we ýarag ammary hökmünde ulanylan ýerler ýok edildi.



Degişli Habarlar